- daň
- Gün dogmazyndan öň howanyň ýagtylyp başlaýan çagy, jahan ýalançy ýagtylyp başlaýan pursat.∙ Bir gün Annagulynyň ejesi daň bilen turdy-da, çaý goýdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)◊ daň atmak — Jahan ýagtylmak.◊ daň saz bermek — Daňyň atýany bildirip başlamak.∙ Bu gün hem hemişeki gijeler ýaly bag-bakjalar parahat dem alyp, öz nobatynda daň saz berdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)◊ daň sazy1) Daňyň atyp başlan çagy.∙ Daň sazy bir eýýäm asmanyň ýüzüni gyzardypdy. (N. W. Gogol, Saýlanan eserler)2) Göçme manyda Bir zadyň başlangyjy, bir zadyň ýüze çykyp başlan döwri.◊ daň tilki guýrugy bolmak — Ýaňy daň bildirip ugramak, daň saz berip başlamak.∙ Daň tilki guýrugy bolanda turan Näzik eje hemişeki adaty boýunça sygryny sagdy-da, ony boşadyp, bir gapdallaryndan geçýän köçä salyp goýberdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.